logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Ejeň bolsa» - Gurbanýaz DAŞGYNOW
  04.01.2023
2879
«Ejeň bolsa» - Gurbanýaz DAŞGYNOW

Bagt diýlen zadyň bardygy
Owal-ahyrda çyn bolsa.
Bilgin, bagtyň daş ýardygy,
Bu dünýäde ejeň bolsa.

Çaga wagtyň bir deň-duşuň
Oýunjagny güjeňlese,
«Mende ýok» diýp, çytma gaşyň,
Alyp berer, ejeň bolsa.

Toýuňda-da, ýasyňda-da
Janköýerleriň jem bolsa,
Şolaryň arasynda-da
Nähili bagt ejeň bolsa!

Aladalar hemmä ýeter,
Käte ýüzüňde çaň bolsa,
Öz-özi süpüriler gider,
Bil, ýanyňda ejeň bolsa!

Birden çaý içip otyrkaň,
Käsäňde boýçy çommalsa,
Başgalara garaşma kän,
Gapyňdadyr, ejeň bolsa.

Diliňdekä şükür, toba,
Işiň ilerläp, oň bolsa,
Razydyr senden käbäň,
Barlap göräý, ejeň bolsa.

Intizar göz bilen garar,
Ýola şaýyň ykjamlansa.
Bilýänin öwreder, sargar,
Bosagaňda ejeň bolsa.

Garaşmaga başlar onsoň,
Girer-çykar, ynjalmasa.
Geleniňden hemmeden öň
Gujak gerer, ejeň bolsa.

Dünýäleriň doludyr-la,
Ulam bolsaň, kiçem bolsaň.
Ýürejigiň suwludyr-la,
Gapdalyňda ejeň bolsa.