logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«EJE» - Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.
  24.02.2023
1663
«EJE» - Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.

Ýazy söýerdiň käbäm,
Ynha, ýene ýaz geldi.
Ýatlasam, göwnüm sämär,
Göwnümemi, tiz geldi.

Onda sen ýok diýmeseň,
Ähli zatlar ýerbe-ýer.
Ýagmyryn sepeläp dur,
Çuňňur oýa batýar ser.

Ýagşyn sepýän baharym,
Käbämi getiräý-ä!
Ol meň - ylham akarym,
Islegim bitiräý-ä!

Sen dymýarsyň baharym,
Köpmanyly çawuşyň,
Ejem, edep-eşrepim,
Ömrüň şöhrat-çawydyň.

Eje, ýene ýaz geldi,
Gelipdir telli durna.
Birje ýetmezim, käbäm,
Ynha, ornuň boş dur-la.