Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦ ✦ Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Düýäm bar-dünýäm bar
  01.05.2021
1191
Düýäm bar-dünýäm bar

     Maldarçylyk biziň halkymyzda gadymdan bäri dowam edip gelýän kespleriň biri. Ata-babalarymyz ir zamanlardan bäri ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýär. Munuň şeýledigine taryhyň dürli döwürlerine ser salanymyzda hem, gazuw-barlag işleriniň geçirilmeginiň netijesinde taryhy ýadygärliklerimiziň aglabysyndan tapylan tapyndylar hem doly şaýatlyk edýär. Maldarçylyk bilen meşgullanýanlara  “çarwalar”, ekerançylyk bilen meşgullanýanlara bolsa “çomrular” diýlip atlandyrylýar. Türkmen halkymyz: “Malym-janym”, “Düýäm bar-dünýäm bar” diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Çünki mallardan alynýan önümler türkmen desserhanyny hemişe bezäp gelýär. Has-da süýt önümleri aýratyn orny eýeleýär.

     Sygyr, geçi, goýun, düýe süýdi we olardan alynýan azyk önümleri ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Öňki zamanlarda goýun, geçi, sygyr, düýe sagmak üçin deriden, toýundan edilen gaplar ulanylypdyr. Süýt sagmak üçin niýetlenen, palçykdan ýasalan küýzä süýt küýze diýlipdir. Onuň adaty küýzelerden agzy giňräk bolupdyr. Süýt sagmak üçin ulanylan gaba könek diýlip, ol deriden eýlenip ýasalypdyr. Düýe sagmak üçin ulanylýan gaba käbir çarwa obalarynda deriden bolmasa-da, könek diýlip atlandyrylýar.

    Sygyr, geçi, goýun süýdi bişirilip, sowansoň, gönezlik atylyp, gatyk, aýran edilýär. Gatyk, aýran ýörite ýanlyklarda ýaýylyp, ondan mesge, çal alynýar. Mesge ýagy ýakylyp, ondan saryýag edilýär.

     Ýanlyga guýlan aýrany, gatygy ýaýmak üçin ýörite ýasalan pişekujy çar-para haçjaly agaçtaýak ulanypdyrlar. «Giç ýatda ir tur, alty pişegi artyk ur» diýen nakyl hem pişek bilen bagly aýdylandyr.

Gatyk ýörite haltalarda süzülip, çekize-süzme alynýar. Süzmeden gurt edilýär. Gurt — uzak wagt saklamaga ýaramly azyk önümi. Ony zerur halatda ýenjip, suwda ezip, gurt çalyny hem edipdirler. Ýörite küýzelerde gor tutulyp, sagylan düýe süýdüni şoňa guýýarlar. Gorküýzä guýlan düýe süýdüniň agarany ýüzüne galkýar. Gorküýzeden agaran, düýe çaly bölek alynýar. Sygyr süýdüniň gaýtadan işlenilişinde, ýanlyk ýaýylyşynda köp döwrebap üýtgeşmeler bolan hem bolsa, düýe süýdünden gor tutulyşy üýtgemän gelýär.

Goýun, geçi süýdi berhizlik azyk önümi hasaplanýar we edil düýe süýdi ýaly suwsuzlygyňy gandyryjy içgi. Goýun, geçi süýdünden gurt, sargan, peýnir, dorog ýaly köpsanly azyk önümleri taýýarlanýar.

     Häzirki wagtda ýurdumyzda iri we ownuk şahly mallary  idetmek we olary köpeltmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hususy telekeçilige giň ýol açylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.