Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Duşuşyk geçirildi
  10.09.2020
491
Duşuşyk geçirildi

      Häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli döreýän ýokanç keselleriň öňüni almaklyk maksady bilen Babadaýhan etrabynyň jemgyýetçilik guramalary we etrap hassahanasynyň lukmanlary bilen bilen bilelikde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

      Bütin dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, geňeşliklerinde we ýaşaýjylaryň arasynda bolup  lukmançylyk agyz burun örtüklerini ulanmagy, islendik ýerlerde bolanyňyzda adamlar bilen 2 metr howpsuz araçägi saklamaklygy arassaçylyk düzgünlerini we şahsy gigiýenanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmeklerini hem-de uly ýaşly adamlara öýden çykmazlygy şeýle hem mümkin boldugyça raýatlar bilen gönüden-göni galtaşmazlygy maslahat bermek bilen Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine laýyklykda kadaly iýmitlenmek we arassaçylyk düzgünleriniň talaplaryny  doly we dogry ýerine ýetirmeklik dogrusynda giňişleýin düşündiriş işleri geçirilýär.

       Şeýle-hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlaryna eýerip, jemgiýetçilk guramalary bilen maşgala lukmanlary geňeşliklerde edara-kärhanalarda we ýerlerde raýatlaryň arasynda bolmak bilen, kadaly we dogry iýmitlenmegiň adam bedenine güýç, saglyk we sazlaşykly doly ösüşi üpjün edip ähli ýokanç kesellere garşy göreşmäge ýardam edýändigini şeýle hem, azyk önümlerini alnanda diňe ýurdumyzda azyk önümlerini satmaga rugsat berlen bazarlardan, söwda nokatlaryndan satyn almaklygy we alnan azyk önümleriniň hiline, arssalygyna we terligine üns bermekligi hem-de ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlardan peýdalanmaklygy yzygiderli nygtaýarlar.