logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Durnaň bolaýyn!» - Ysmaýyl TAGAN
  04.01.2023
1507
«Durnaň bolaýyn!» - Ysmaýyl TAGAN

Bu dünýäni gözel görke getirýän,
Ezizim, ýoluňa gurban bolaýyn!
Bagt berip sen, başym göge ýetirýäň,
Asmanyňda gaýan durnaň bolaýyn!

Aý astynda göwnüm yşga galadyň,
Görmesem ýüregim ahy-naladyr,
Diňe saňa bagly mundan galany,
Yşgyň hamyryna urbaň bolaýyn!

Gözlerime baksaň ümüş-tamyşda,
Demim degse galdyraýaň gamyş deý,
Seniň bilen bolsun saçlam kümüş deý,
Barça dertleriňe derman bolaýyn!

Sen süňňüme gyzgyn berýän ojarym,
Biz diýmeklik, diýmek eken hojalyk,
Bile döwran sürüp, bile gojalyp,
Ömrüňi süýjetjek hurmaň bolaýyn!

Söýgi şalygynda dörän şa gyz sen,
Ýanymda bolmasaň kä gyş, kä güýz men,
Men bir syýa, çaň degmedik kagyz sen,
Yşga ugradylan perman bolaýyn!