Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Dünýäde ilkinji göwher batareýasy döredildi
  07.12.2024
186
Dünýäde ilkinji göwher batareýasy döredildi

Bristol uniwersitetiniň we Angliýanyň Atom Energiýasy Gullugynyň (UKAEA) alymlary ilkinji uglerod-14 göwher batareýasyny işläp taýýarladylar. Bu batareýa radioaktiw izotopy öz içine alýar we birnäçe müň ýyl işläp bilýär. Uglerod-14-iň ýarym ömri 5700 ýyl bolup, ony täze energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak mümkinçiligini üpjün edýär.

 

Enjam gün panelleri ýaly işleýär, ýagtylyk bölejikleriniň (fotonlaryň) ýerine, çalt hereket edýän elektronlaryň göwher gurluşynda energiýa öwürülmegi arkaly işläp berýär.

 

Täze tehnologiýa radioaktiw izotopy emeli göwherde howpsuz saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, batareýa hemişelik durnukly energiýa üpjün edip bilýär. Bu batareýalaryň biokompatiblygy, olary kardiostimulýatorlar we eşidiş enjamlary ýaly lukmançylyk enjamlarynda ulanmak üçin amatly edýär. Mundan başga-da, kosmosda we aşa kyn şertlerde bu batareýalaryň peýdaly boljakdygy bellenilýär.

 

Bristol uniwersitetiniň alymlary, bu täze “hemişelik” batareýanyň çykdajylary azaltmaga we enjamlaryň ömrüni uzaltmaga mümkinçilik berjekdigini nygtaýarlar.

 

Bu ýaryşda Hytaý alymlary hem energiýa ulgamynda öňegidişlik gazandylar. Olar amerisiý polimer kristallary bilen işläp, “baky” ýadro batareýasyny döretdiler. Bu batareýa radioaktiw energiýany durnukly öndürmek bilen tapawutlanýar we adam saglygyna howpsuz bolmagy üçin radiasiýa goragly gaplama bilen enjamlaşdyrylandyr.



Didar Saparbaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.