Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawod
  29.06.2019
989
Dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawod

    Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk iri gazhimiýa toplumy — tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawod işe girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen häzirki zaman  kärhanasy täze taryhy döwrümiziň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

     Ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň kuwwatly kärhanasyna öwrüljek bu kärhanany gurmak başlangyjy döwlet Baştutanymyza degişlidir.  Hormatly Prezidentimiz  2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde bu kärhanany gurmak bilen baglanyşykly şertnama gol çekildi. Bu kuwwatly kärhananyň gurluşygyna 2014-nji ýylyň 26-njy awgustynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Şol dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we bu kärhananyň ähmiýeti hakynda aýtmagy ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň taryhynda möhüm waka öwrüldi.

      Geçen döwrüň içinde kärhananyň gurluşygy depginli alnyp baryldy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd” we Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanai ve Ticaret A.Ş.” kompaniýalar konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen taslama üstünlikli amala aşyryldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk kärhananyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, ol ýerde ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik döredi.  Onda ekologiýa taýdan iň ýokary talaplara laýyk gelýän Euro-5 standarty boýunça ýokary hilli ýangyjyň her ýylda 600 müň tonnasy öndüriler. Onuň işe girizilmegi bilen, ýaşlaryň 800-e golaýyna iş orunlary döredi. Iň kämil tehnologiýalar esasynda  tebigy gazdan ýangyç öndürjek zawod giň çägi öz içine alýar. Ol döwrebap tehnologiki we kömekçi desgalaryň, inžener-tehniki ulgamlarynyň hem giden toplumyny özünde jemleýär.

  Kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýa tilsimatlarynyň, çylşyrymly we köpugurly önümçilik işine täzeçil tehnologiýalaryň we iň täze ýöriteleşdirilen enjamlaryň ornaşdyrylmagy tebigy gazdan alynýan ýangyjyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirilmegine mümkinçilik berer.

     Tebigy gazdan ýangyç öndürýän täze zawodyň gurulmagy netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.  Täze iri gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi pudagy diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.