logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýädäki iň uly ýylan bolan Amazon anakondasynyň täze görnüşi tapyldy
  10.03.2024
2947
Dünýädäki iň uly ýylan bolan Amazon anakondasynyň täze görnüşi tapyldy

Gollandiýaly tebigaty öwreniji biolog Freek Wonk tebigatda wideoýazgy edýärkä 20 metr uzynlykda we 200 kg agramda ýaşyl anakonda bilen ýüzbe-ýüz boldy.

 

 

Ozal ýabany tebigatda “Eunectes Murinus” diýlip atlandyrylýan ýaşyl anakondanyň diňe bir görnüşi bar öýdülýärdi, emma gollandiýaly biolog Freek Wonk “Eunectes akiyama" diýilýän täze görnüşi tapmagy başardy.

 

 

Günorta Amerikada Anakonda görnüşlerini öwrenýän Kwinslend uniwersitetinden awstraliýaly professor Fry täze tapylan anakonda görnüşiniň öňki görnüş bilen örän meňzeşdigini belleýär. Ýaşyl anakonda ýylanlary biri-birine gaty meňzeş bolsa-da, 5,5 göterim genetiki tapawut alymlary geň galdyrdy. 

 

 

Fry, anakondalaryň sebitiň ekologiki saglygy we nebitiň dökülmeginiň sebitde adam saglygyna ýetirip biljek täsiri babatynda ajaýyp peýdaly maglumat çeşmesidigini aýtdy. Ekwadoryň käbir ýerlerinde gözden geçirilen ýylanlaryň käbiriniň nebitiň syzmagy sebäpli aşa hapalanandygyny mälim eden Fry, anakondalar we Arapaima balyklarynyň köp mukdarda nebithimiýa metallaryny ýygnaýandygyny belledi.

 

Gurbansoltan ALYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.