logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /Döwrebap bilim – bagtyýar geljek
  15.05.2023
916
Döwrebap bilim – bagtyýar geljek

Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwrüň talabyndan ugur alyp, öňdebaryjy tejribelere, milli ýörelgelerimize esaslanyp, bilim işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklary, okuw hem dil merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmäge esas döredýär. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna, täze tehnologiýalara hem innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Çünki hünärine ökde, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem ruhubelent nesli kemala getirmek amala aşyrylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýändigi guwandyryjy hakykat. Bilim işini döwrebaplaşdyrmak milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýola goýulýar. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler açylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly şanly ýylymyzyň şygarynda hem hut şu mazmundaky pikirler jemlenendir.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy tehnologiýalary we okuw-usulyýet serişdelerini peýdalanmak arkaly häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan ýaşlar, ussat hünärmenler taýýarlanylýar. Dürli ugurlaryň, şol sanda bilim berlişiniň hiliniň göz öňünde tutulmagy netijesinde ýaş nesle kämil bilim bermeklik netijeli ýagdaýda amal edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýagty geljeginiň, nurana ertiriniň eýeleri bolan ýaşlara ýokary derejede bilim we terbiýe bermek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

 

Arzuw GIÇGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.