logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Döwrabap Babadaýhan dokma toplumy
  24.11.2021
1083
Döwrabap Babadaýhan dokma toplumy

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz Baky Bitarap Watanymyzda bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän zawod–fabrikler gurulýar, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän birnäçe ýokary hilli önümler öndürilýär. Ýurdumyzda Dokma senagatyna hem uly üns berilmeginiň nertijesinde, her bir öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy ugrunda türkmen dokmaçylary arman-ýadaman zähmet çekýärler we ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň  ähli  ulgamlarynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler halkymyzy aýdyň geljege ruhlandyrýar.
      Ynha, bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaraly toýlanan ýylynda, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan ajaýyp döwrebap dokma toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Dokma toplumynyň bu ajaýyp egirme fabriginde bir ýylda 5000 tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlenilip, ýokary hilli kompakt penýe görnüşli ýüplükleriň 3300 tonnasy öndüriler. Dokma toplumy 4 önümçilikden ybarat bolup: egirme, dokma, boýag we tikin bölümleridir. 20 million inedördül metr çig nah matalar bolup, 18 million inedördül metr taýýar boýalan matalar öndüriler. 
        Bu fabrikde garyşyk ýüplükleri hem öndürmäge mümkinçilikler döredilendir. Bu egirme fabriginde Şweýsariýanyň “Rieter” (Raýter) we Ýaponiýanyň “Muratec” (Muratek) kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli innowasion enjamlary oturdylandyr. Ýokary öndürijilikli tüýdüji-sazlaýjy we arassalaýjy enjamlar toplumy, darak, lenta, lenta birikdiriji, inçe daraýjy, çala tow beriji, halkalaýyn kompakt egriji hem-de saraýjy  enjamlary oturdylan. Lenta birikdiriji enjamlaryndan çykýan ýarym taýýar önümler inçe daraýjy enjamlara awtomatik usulda geçirilýär.
“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň” ýylynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Babadaýhan etrabynda inçe süýmli pagtany gaýtadan işleýän, köp mukdarda ýüplük hem-de nah mata öndürmäge, matalary boýamaga we taýýar tikin önümleri bilen üpjün  etmäge şeýle-de birnäçe iş orunlary bilen üpjün etjek döwrebap dokma toplumyny Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň açyp bermegi Babadaýhan etrabynyň zähmetsöýer, agzybir halkynyň başyny göge ýetirdi.