Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dostlygyň we Hoşniýetliligiň baýramy
  03.04.2021
577
Dostlygyň we Hoşniýetliligiň baýramy

      Ata Watanymyzda tebigatyň kanunyna görä bahar pasly öz hökümini ýöredip başlady. Bahar pasly diýlende şeýle bir ajaýyplyklar, gözellikler, owadan görnüşler göz öňüňe gelýär. Çünki tebigat öz ähli gözellikleriniň gözbaşyny bahar paslyndan alýar. Şeýle owadan günleriň dowam edýän günlerinde naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan Milli bahar baýramy ýurdymyzda uly şatlyk, şowhun bilen bellenilip geçilýär. Dostlygyň we Hoşniýetliligiň baýramy hasaplanýan Nowruz baýramy gündogaryň iň gadymy baýramlarynyň biri bolup, ol birnaçe döwletlerde giňden bellenilýär. Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem nygtamaga mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde hem birnäçe döwletleriň hyzmatdaşlygy we teklip etmekleri netijesinde Nowruz baýramy  Halkara Nowruz baýramy diýilip ykrar edildi. Bu günki-gün ýurdymyzyň ähli künjeklerinde Halkara Nowruz baýramy uly şatlyk, şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda hem milli bahar baýramy has-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Milliligimize ýokary derejede orun berildi. Türkmeniň milli ak öýleri dikilip, ýaýlanyň has-da milliligini artdyrdy. Nowruz ýaýlasynda geçirilýän dabaraly çärede Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary öz ussatlyklaryny giňden açyp görkezdiler. Welaýtyň her bir etraby öz folklor çykyşlary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de, bu çäräniň geçýän ýerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan halylar, keçeler, milli şaý-seplerimiziň sergisi, şonuň bilen birlikde hem kitap sergisi, melhem otlaryň sergisi öz beýanyny tapdy. Ahal welaýaty boýunça Milli bahar baýramynyň geçýän ýeri bolan Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasy bu gün has-da özüňiň gözel keşbi bilen göreni haýrana goýdy. Çünki bu gözelligi synlan her bir ynsan Arkadagly ýurdymyzda şeýle bagtly, eşretli günleriň dowam edýändigine uly buýsanç bilen guwandylar.