logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Culture /Döredijilik dünýäsine syýahat
  13.07.2026
324
Döredijilik dünýäsine syýahat

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda täze sergi öz işine başlady. Onda ellä golaý türkmen suratkeşiniň hem-de heýkeltaraşynyň 140-dan gowrak eseri sungatyň muşdaklaryna hödürlenýär. Serginiň açylyşy heýkeltaraş Maksatmyrat Hojaýynowyň kiçi göwrümli heýkellerinden düzülen özboluşly ekspozisiýa bilen badalga aldy.

 

Sergidäki eserleriň arasynda «Ýewropanyň alnyp gaçylyşy» atly heýkel aýratyn üns çekýär. Bu eser gadymy grek rowaýatyna esaslanýar. Rowaýata görä, Zews ak öküziň keşbine girip, şa gyzy Ýewropany alyp gaçýar. Şol waka dünýä şekillendiriş sungatynda giňden şöhlelendirilen temalaryň biri bolup, dürli döwürlerde ençeme meşhur suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň ylham çeşmesine öwrülipdir.

 

Maksatmyrat Hojaýynow hem bu rowaýaty öz döredijiliginde täzeçe çemeleşme bilen beýan edipdir. Ol öküziň keşbini güýç, gaýrat we belent ruhy ussatlyk bilen açyp görkezýär. Ýewropanyň keşbi bolsa nepisligi we çeper çözgüdi bilen eseriň täsirini has-da baýlaşdyrýar.

 

Baýdurdy Berdiýewiň «Horaz urşy» atly suraty hem tomaşaçylaryň gyzyklanma bildirýän eserleriniň biridir. Suratda iki horazyň gazaply göreşine syn edýän üç sany ýaşuly emin şekillendirilýär. Bäsdeşligiň dartgynly pursatlary bilen ýaşulularyň asuda keşbi biri-birine garşy goýlup, eseriň çeper täsirini artdyrýar. Suratda gök, çal we gyzyl reňkleriň sazlaşygy üstünlikli ulanylypdyr.

 

Sergide Kamil Weliahmedowyň «Jemal daýza», Polat Garryýewiň «Ene» hem-de «Keýjan ene» atly eserleri hem aýratyn orun eýeleýär. Bu üç eser bilelikde durmuşyň dürli ykballaryny, zähmetsöýerligi we ýaşuly nesliň ruhy dünýäsini çeperçilik bilen şöhlelendirýär.

 

Azat Myradowyň «Aşgabadyň panoramasy» atly triptihinde bolsa paýtagtymyzyň dürli wagtlardaky keşbi görkezilip, onuň döwrebap binagärligi we gözelligi ussatlyk bilen suratlandyrylýar.

 

Mundan başga-da sergide Baýdurdy Berdiýewiň «Bazarda», Möjek Çaryýewiň «Kerwen», Guwanç Hojanyýazowyň «Kädiler», Şöhrat Berdiýewiň «Oba säheri» ýaly köp sanly eserleri sungat söýüjilere hödürlenýär.

 

Aýjennet ROZYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.