Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Dokma fabrigi ulanylmaga berildi
  30.08.2021
457
Dokma fabrigi ulanylmaga berildi

“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda birnäçe ösüşler gazanylýar we beýik sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň her-bir künjeginde döwrebap binalar, bilim edaralary, dürli dokma toplumlary hem-de dokma fabriklary yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bolelin abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly şertler döredýär. Şonuň ýaly ajaýyp desgalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde gurulyp, ulanylmaga berilen Dokma fabrigidir. Bu ajaýyp dokma toplumynyň häzirki zaman egirme fabriginde bir ýylda 5000 tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlenip, ýokary hilli kompakt penýe görnüşli ortaça Nm 51/1 belgili ýüplükleriň 3650 tonnasy öndüriler. Kompakt penýe görnüşli nah ýüpekleri Türkmenistanda ilkinji gezek öndürilýär. Şeýle hem bu fabrikde garyşyk ýüplükleri (pagta poliester) hem öndürmäge mümkinçilikler döredilen. Bu egirme fabriginde Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli häzirki zaman, innowasion tehnologiýaly tilsimat enjamlarynyň tüýdüji-saýyjy we arassalaýjy enjamlar toplumy, darak enjamlary, lente enjamlary, lente birikdiriji enjamlary, inçe daraýjy, çala tow beriji enjamlary, halkalaýyn kompakt egiriji enjamlary we saraýjy enjamlary oturdylan. Lenta birikdiriji enjamlardan çykýan ýarym taýýar önümler inçe daraýjy enjamlara awtomatiki usulynda geçýär. Şeýle hem çala tow beriji enjamlaryndan çykýan ýarym taýýar önümler awtomatiki halkalaýyn kompakt egriji enjamlara  geçirilmäge niýetlenendir.

      Toplumyň dokma fabriginde häzirki zaman, innowasion tehnologiýalary Germaniýanyň “Karl maýer” kompaniýasynyň ýüwürdiji we petleýji enjamlary, Belgiýanyň “Picanol” kompaniýasynyň dokma enjamlary ornaşdyrylan. Bu dokma enjamlarynda ýylda 12 mln inedördül metr çig görnüşde ýokary hilli köýneklik we balaklyk matalary öndürmäge mümkinçilik bolar.

      Dokma toplumyň Boýag fabriginde Germaniýanyň “Monforts”, “Jagenberg” kompaniýalarynyň boýama-timarlama enjamlary ornaşdyrylyp, bir ýylda 10 mln inedördül metr taýýar görnüşde köýneklik we balaklyk matalary bolýar. Şeýle hem, bu fabrikde Germaniýanyň “Thies” kompaniýasynyň ýüplikleri boýamak üçin häzirki zaman boýag enjamlary oturdylan.

      Germaniýanyň “Moforts” kompaniýasynyň innowasion enjamlary elektrik energiýanyň we resurslaryň (gaz, suw) tygşytly ulanylmagyny üpjün edýär. Türkiýanyň “Eliar” kompaniýasynyň häzirki zaman awtomatiki enjamlarynda himiki we boýag serişdeleriniň gerekli mukdary awtomatiki usulda alynýar we reňkler taýýarlanylýar. Etrabyň çägindäki dokma fabrigynda iş orunlarynyň hem ençemesi ýagny 1,5 müňe golaý işgär işlemäge niýetlenendir. Bu bolsa bagtyýar halkymyzyň zähmet çekmegi eşretli döwürde bagtyýar ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikleriniň biridir.