logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Science and Education /«Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi
  11.04.2026
416
«Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi

Aşgabat şäherindäki “Diller Dünýäsi” dil merkezinde “Bahasa Club” atly täze dil gurnagy geçirildi. Bu geçirilýän duşuşyk ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň dünýä halklarynyň medeniýeti baradaky düşünjesini giňeltmek maksady bilen ýola goýuldy.

 

Gurnagyň ilkinji sapagynda maslahatyçy hökmünde çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew gatnaşyjylara Malaý we Indonez dilleriniň aýratynlyklary, olaryň halkara giňişligindäki orny we medeni ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdi.

 

“Bahasa Club” diňe bir dil öwrenmek üçin däl, eýsem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmak üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Sapaklar gatnaşyjylara dilleri ýeňil hem-de täsirli usullar arkaly öwretmäge gönükdirilýär.

 

Bu dil gurnagy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, “Diller Dünýäsi” dil merkezi, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

 

Gurnagyň sapaklary her hepdäniň Çarşenbe güni sagat 15:00-da yzygiderli geçirilýär. Her duşuşykda täze mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylýar we gatnaşyjylar öz bilim derejesini kämilleşdirmäge mümkinçilik alýarlar.

 

“Diller Dünýäsi” dil merkezi ähli gyzyklanýanlary “Bahasa Club” gurnagyna gatnaşmaga çagyrýar.

 

Ýazylmak üçin şu ýere basyň.