logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Diller – dostluk gözbaşy
  06.04.2024
546
Diller – dostluk gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda eziz Diýarymyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hereket edýär. Bu konsepsiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar we okuw maslahatlary, gurnaklar we konsertler geçirilýär. Ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary boýunça tejribeler guralýar. 


 

Dil - adamzat jemgyýetinde möhüm aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmeklik bilen eziz Diýarymyz beýleki halklar bilen türkmen halkynyň arasynda parahatçylykly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge giň ýol açýar. Diller – dostlugyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini ýaş nesillere öwretmekde birnäçe usullar ulanylýar. Ýurdumyzyň ýaşlaryna daşary ýurt dilleri suratlardyr ýazgylaryň, ses we wideoýazgylaryň, oýunlaryň, sanly ulgamyň serişdeleri hökmünde kompýuter we planşet programmalarynyň kömegi bilen öwredilýär. “Köp dil bilen köp biler” diýlişi ýaly birnäçe dili bilmek bilen her bir ynsanyň dünýä bolan garaýşy giňeýär.  


 

Bir söz bilen jemläp aýdanymyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” birnäçe ýyllardan bäri hereket etmegi ýaş nesillere dil öwretmek boýunça täzelikleri durmuşa ornaşdyrmaklygy amala aşyrmaga uly ýardam edýär. Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmak üçin köp dil bilýän hünärmenlere esasy ähmiýet berilýär.  


 

Şeýle ajaýyp zamanada ýaş nesillerimiziň döwrebap ylymly we bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! 

 

Jemal JUMAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky 
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
 
uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň  
mugallymy.