logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Dilim bar – dünýäm bar
  11.03.2024
778
Dilim bar – dünýäm bar

Dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly bolmak üçin iň zerur şertleriň biri dil bilmek bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Diýarymyzda bagtyýar ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kemsiz öwrenmekleine ýokary üns berilýär. Döwür bilen aýakdaş gidýän türkmen ýaşlary dünýä dillerini suwara öwrenmek arkaly giň gözýetime, kämil bilime eýe bolýarlar.

 

 

Medeniýetiň ýokary derejelerini öňe çykarýan dil bilimi her bir halkyň ruhy baýlygy, milli genji-hazynasy bolup durýar. Şoňa görä-de daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwlet derejesinde uly işler edilýär. Bu babatda ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli alnyp barylýar.

 

 

Dostana gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýän dil hakynda dana pederlerimiz: “Dil bilen dünýäni açar”, “Dilim bar – dünýäm bar”, “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam” – ýaly atalar sözleri bilen diliň ýokary derejede ähmiýetlidigini nygtapdyrlar.  

 

 

Maral ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.