logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Dili özleşdirmegiň usulyýeti
  05.12.2022
1134
Dili özleşdirmegiň usulyýeti

Bedew batly ösüşler bilen bagtyýarlyk ýolundan barha öňe ilerleýän  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ylym-bilim ulgamynda dünýä nusgalyk işler ýola goýulýar. Watansöýüji, ylymly-bilimli, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Bu ugurda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaly maksatnamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny emele getirýär. Dil öwrenmegiň gymmaty häzirki zamanda öňde goýlan maksada ýetmegiň ädimidir. Ykdysady, ylmy-tehniki taýdan gatnaşyklaryň şertinde dünýä dilleri milletara aragatnaşyk dili hökmünde jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Milli ösüşiň möhüm görkezijisi bolan diller ylmyň, tehnikanyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda beýleki bilim ojaklary bilen birlikde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda hem daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýeti yzygider kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesine laýyklykda, daşary ýurt dilleri okuw meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda kämilleşdirilip, olaryň öwredilişiniň hili ýokarlanýar. Bu babatda ýokary okuw mekdebimizde dil hepdelikleri, görkezme sapaklar we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri diňe okuw-usuly işleriň çäginde bolman, okuwdan daşary geçirilýän çärelerde hem amala aşyrylýar. Olaryň daşary ýurtly talyplary bilen özara tejribe alşyp, birek-biregiň medeniýetini, däp-dessurlaryny içgin öwrenmek babatdaky mümkinçilikleri barha ýokarlanýar. Bu bolsa sözleýiş medeniýetini hem kämilleşýär. Dil hepdelikleri we beýleki çäreler ýaşlara dil öwretmekligiň döwrebap usullarynyň biridir. Dil öwretmegiň usullarynyň çägi ýokdur, olar örän köpdürlidir. Ýokary derejede guralýan medeni çäreler ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Giň dünýägaraýyşly, döwrebap, dünýä derejesine laýyk bilimli bolmakda ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýokary ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. Şeýlelikde, dürli ulgamlarda daşary ýurt dillerini bilýän ýokary derejeli hünärmenlere bolan isleg ýyl-ýyldan barha ýokarlanýar. Dilleri kämil derejede özleşdirmeklik bolsa ýaşlara bildirilýän möhüm talap bolup durýar.  

 

Jennet JUMANIÝAZOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň Iňlis dili we edebiýaty 
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.