Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dil öwrenmek – dünýäni öwrenmek
  24.11.2022
2256
Dil öwrenmek – dünýäni öwrenmek

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

— Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir.
   


Dil bilimini öwrenmegiň özboluşly aýratynlygy bar. Dil pikirleniş bilen hem, halkyň dünýägaraýşy bilen hem, milli medeniýet bilen hem berk baglanyşykly bolýar. Şonuň üçin ene diliňi we dünýä dillerini öwrenmegiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ylym-bilimliligi, ösen medeniýeti aňladýar. Her bir halkyň ene dili onuň milli medeniýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiziň miras goýan gadymy dilimiziň şirinligini, baýlygyny geljek nesillere mynasyp öwretmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Tä­ze di­li öw­ren­mek aň­sat bol­ma­sa-da, dur­muş­da köp ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Tä­ze dil tä­ze me­de­ni­ýe­ti öw­ren­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Bir dil bi­len bir adam, iki dil bi­len iki adam» diý­li­şi ýa­ly, her bir adam haý­sy ýaş­da bol­sun par­hy ýok, dil öw­ren­mä­ge ukyp­ly­dyr. Em­ma tä­ze bir dil öw­ren­mek bi­raz wagt we sa­byr ta­lap ed­ýär. Bu iş­de dür­li usul­lar­dan peý­da­la­nma­k bolar. My­sal üçin, gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da hal-ah­wal so­ra­şyl­ýan söz­le­ri ulan­ma­gyň özi hem öw­ren­mek is­le­ýän di­li­ňi­ziň aň­sat ýat­da gal­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Müm­kin däl ýa­ly bo­lup gö­rün­me­gi ah­mal, ýö­ne ling­wist­le­riň pi­ki­ri­çe, bir­nä­çe hep­dä­niň do­wa­myn­da bir dil­de gep­le­şip bil­jek de­re­jä bir­nä­çe aý­dan soň bol­sa bu di­li öz­baş­dak kä­mil­leş­di­rip bil­jek de­re­jä ýe­tip bol­ýar.

Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň, esasan hem, dünýä dilleriniň uly orny bardyr. Dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen bir hatarda, ylym-bilimiň hem açarydyr. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy maglumatlary, ylmy kitaplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýar. Dili öwrenmegiň esasy maksady, diňe bir suwara sözleýşi özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sözleriň ýazylyşyny, halkyň, ýurduň taryhyny, medeniýetini hem-de ýaşaýyş-durmuşyny bilmegi talap edýär. Dili öwretmek, ozaly bilen, ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmegi, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegi, şol bir wagtyň özünde sowatly şahsyýet bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar.

Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Ogulbagt SOLTANMYRADOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.