Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin-de uly işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Munuň üçin bolsa, daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usulyndan peýdalanylýar. Çünki sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi dürli sapaklar bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwredýän sapaklarda hem täze usullar, bilim bermegiň iň täze görnüşleri kemala gelýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ses ýazgylary, dürli şekiller ýaşlaryň dil öwrenmeklerine ähli ýeňillikleri döredýär.
Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça täze tehnologiýalary okuw işinde giňden ulanmak we yzygiderli kämilleşdirmek meselesi Konsepsiýanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Dil öwrenmek adam üçin täze bir dünýäni, täze gapyny açýar. Aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolan dil häzirki wagtda diňe aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirmän, eýsem, bütin dünýäde bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm açara öwrüldi. Daşary ýurt dili dersi ýaşlaryň bilimlerine, umumy dünýägaraýşyna, pikirlenişiň ösüşine we giňelmegine mynasyp goşant goşýar. Daşary ýurt dillerini özleşdirmek döwri talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmeklik şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döredýär.
Ösýän dünýä şertlerinde dürli hünär ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň öz hünärlerine ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerinde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr. Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan islendik hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsyzdyr.
Goý, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Halima ÝOLDAŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.