Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Şahsy robotlaryň döwri başlanýar ✦ ✦ Global ykdysadyýete we strategik hyzmatdaşlyga ýol açýan gapy ✦ ✦ SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär ✦ ✦ Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dil — bilimiň gözbaşy
  18.04.2023
827
Dil — bilimiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen talyp ýaşlarymyza daşary ýurt dilleri öwredilip, dünýä edebiýaty, ylmyň iň täze gazananlary bilen tanyşmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň netijesinde ylym we bilim ulgamlarynyň işi kämilleşdirilýär. Bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün edilýär. Sanly enjamlar giňden ornaşdyrylýar, daşary ýurt dilleri çuňňur öwredilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine ýetendigini aýdyň görkezýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşyň giňemegini, dostlukly halklaryň medeniýetine, ylmy garaýyşlaryna oňat düşünmegi aňladýar.

Bu gün türk­men ýaş­la­ry­na be­ril­ýän ylym-bi­li­miň hi­li, maz­mu­ny döw­rüň ta­la­by­na gö­rä has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ola­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­ňur öw­ret­mä­ge örän uly üns be­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi aý­dyň de­lil­dir. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek dür­li me­de­ni­ýet­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny gu­ra­mak­da uly or­ny eýe­le­ýär. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň oka­dy­ly­şy­nyň usu­ly­ýe­ti­niň hal­ka­ra tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek, dün­ýä tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lyk­da, okuw me­ýil­na­ma­la­ry­nyň we okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni ga­zan­mak, ola­ryň öw­re­di­li­şi­niň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, bi­lim oja­gy­myz­da bir­nä­çe iş­ler ýo­la go­ýul­dy.

Hormatly Prezidentimize biz — ýaşlara döwrebap şertlerde okamaga, ukyp-başarnyklarymyzy ösdürmäge hem-de Watana wepaly, döwletimize gerekli, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmäge giň mümkinçilikler döredýändigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary hemişe aman bolsun! 

 

Gyzylgül ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.