logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasy ýük howlularynyň hyzmatyny ýola goýdy
  28.07.2022
1055
“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasy ýük howlularynyň hyzmatyny ýola goýdy

“Türkmendemirýollary” agentliginiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 20-nji şahamçasy Etrek, Gypjak, Tejen, Sarahs, Altyn asyr, Mary , Zerger, Türkmenabat-2, Kerki, Daşoguz demir ýol hereketlerinde özüniň has amatly şertleri bilen tapawutlanýan Ýükleýiş-düşüriş ýük howlularynyň ýokary hilli hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmatdan demir ýol ulaglary arkaly ýük daşaýan we ýük daşamaga isleg bildirýän her bir müşderi peýdalanyp biler.

Belläp geçsek, bu hyzmatlar diňe bir ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen çäklenmän bu ýük howlularynda açyk we ýapyk görnüşli ýük ammarlary hem bolup, olarda müşderileriň ýüklerini islendik möhlete çenli amatly we elýeterli bahalarda saklap bermek hyzmaty hem hödürlenilýär.