logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Daşoguz welaýatynda ýazky sogan ekişi tamamlandy
  21.03.2024
600
Daşoguz welaýatynda ýazky sogan ekişi tamamlandy

Daşoguz welaýatynda tamamlanan ýazky sogan ekişi üçin soganyň ýerli howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge uýgunlaşdyrylan ýokary hasylly, ir ýetişýän, guraklyga we aýazlara çydamly görnüşleri ulanyldy.

 

 

Görnüşler saýlananda, olaryň ösýän möwsümi, dürli kesellere garşylygy we uzak möhletleýin saklamak hem-de daşamak ukyby göz öňünde tutuldy. Hünärmenleriň pikiriçe, soganyň topragyň ýagdaýyna, ýumşaklygyna, suwy we howany geçirijiligine hem-de çyglylygyň ýeterlikligine bolan talaby uludyr.

 

 

Şor ýerler ony ösdürip ýetişdirmek üçin ýaramly däldir, sogan haşal otlara hem çydam edip bilmeýär. Şonuň üçin ýerli daýhanlar uly göwrümde sogan ösdürip ýetişdirenlerinde ýer böleklerini saýlamaga we topragyň fiziki aýratynlyklaryny gowulandyrmaga hem-de haşal otlardan arassalamaga aýratyn üns berýärler. Bu ýazda sebitde iki müň iki ýüz gektar meýdana sogan ekildi.

 

 

 

Däp bolşy ýaly, demirgazyk sebitde Akdepe we Şabat etraplary iň köp sogan öndürijilerdir. Welaýatyň daýhanlary sogan ekmek üçin ähli işleri ýokary guramaçylyk derejesinde amala aşyrmagy başardylar, bu bolsa sogan hasylynyň ýokary bolmagyna mümkinçilik berer.

 

 

Agrosenagat toplumy üçin döwletiň kesgitlän wezipelerine laýyklykda, soňky ýyllarda güýzlük hem-de gyşda sogan ösdürip ýetişdirmekde hem üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemelidiris.

 

Orazmuhammet ÇARYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 
agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.