logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /Daşary ýurt dillerini öwrenmek – döwrüň talaby
  16.11.2022
1549
Daşary ýurt dillerini öwrenmek – döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde berkarar döwletimiz halkara giňişlikde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy daşary ýurt dillerini oňat bilýän ökde hünärmenleri talap edýär. Ata-babalarymyz: «Dil bilen dünýäni gezer» diýip jaýdar belläpdirler. Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir.

Ylmy, bilimi ösdürmek, kämilleşdirmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», işlenip düzülen Döwlet bilim standartlary we beýleki düzgünleşdiriji resminamalar bilim işgärleri üçin esasy usuly ýörelge boldy. Okuwyň hilini ýokarlandyrmakda, bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamakda ýurdumyzyň bilim edaralarynda netijeli işler alnyp barylýar.

Bilim hakyndaky alada ýaşlar, ýagny ýurduň geljegi hakynda aladadyr. Çünki bilim we ýaşlar diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydyr. Ýaşlar ylym-bilim babatda kämilleşdirilýär — kämil geljek gurulýar. Ýaşlara gönükdirilýän maýa goýumlar şöhratly geljegiň kepilidir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyna, ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, kämilleşmegi, hünär öwrenmegi, erkana zähmet çekmegi, dynç almagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, önümçilik işlerine gatnaşmagy, ýürekde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Goý, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Oguljan ROZYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Daşary ýurt dilleri we
edebiýaty fakultetiniň talyby.