logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Science and Education /Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigi – konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginde uly ädim
  31.03.2024
574
Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigi – konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginde uly ädim

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Bu geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran 519 belgili karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäginde ýurtda alnyp barylan işleriň öz ýokary netijesini berýändigini görkezdi. 2024-nji ýylyň 4-nji we 18-nji fewralynda geçirilen Döwlet bäsleşiginiň degişlilikde I we II tapgyrlarynyň netijesinde jemleýji III tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Aşgabat şäherinde we welaýatlarda hereket edýän okuw merkezlerinde okaýan zehinli ýaşlaryň 217 sanysynyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 10-njy martynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binasynda Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.

 

Döwlet bäsleşigi iki ugur boýunça, ýagny iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş derejesinde geçirildi: I ýaş derejesi – 12-13 ýaş, II ýaş derejesi – 14-15 ýaş, III ýaş derejesi – 16-18 ýaş, IV ýaş derejesi – 16 ýaşdan uly bolan raýatlar gatnaşdy. Ähli ýaş derejeleri boýunça ýaşlar degişli daşary ýurt diliniň grammatikasyny, söz baýlygyny, okamak we diňlemek ukybyny barlamak esasynda synag edildi.

 

Döwlet bäsleşiginiň IV ýaş derejesi üçin ýumuşlar dil bilimini bahalandyrmagyň halkara ykrar edilen usulyýeti boýunça taýýarlanyp hödürlendi. Döwlet bäsleşiginde her ugurdan her ýaş derejesi boýunça 1 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun üçin, jemi 48 sany baýrakly orun üçin bäsleşdiler. Döwlet bäsleşiginiň çekeleşikli geçmegi, birmeňzeş netije görkezen ýaşlara Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda goşmaça ýumuşlary bermegiň netijesinde ýeňijileriň saýlandy.

 

Döwlet bäsleşiginde «Zehin ýoly» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň, «Kämil bilim» hususy kärhanasynyň, Mary welaýatynda ýerleşýän «Altyn göreç» hojalyk jemgyýetiniň hem-de «Belent bilim» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri özleriniň zehinleri bilen deň-duşlaryndan has-da tapawutlandylar. Şeýle hem, Mary welaýatynda ýerleşýän «Bilim güzeri» hojalyk jemgyýetiniň, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Zehinli nesil» hojalyk jemgyýetiniň hem-de «Merdem ýaşlar» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri hem dil öwrenmekde özleriniň has-da yhlaslydyklaryny görkezdiler. Umuman aýdanyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän 16 sany okuw merkezleriniň we olaryň şahamçalarynyň diňleýjileri baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, olara Bilim ministrliginiň Diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

 

Azim ÖWEZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.