Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär ✦ ✦ “Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Tbiliside Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagy açyldy ✦ ✦ Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy kararnama kabul etdi ✦ ✦ “TIF-2024” halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady ✦ ✦ Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany ✦ ✦ Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti
  14.07.2024
134
Dalaşgär 2024: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

 

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulan-mak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebit-gazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýa-sy; geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklary-nyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we bar-lamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak).

2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaý-tadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).

3. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigaty abadanlaşdyryş (hünär: daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).

4. Maşyngurluşyk (hünär: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary).

5. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy).

6. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: dag işi).

2. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (nebitgaz pudagynda).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda).

5. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar).

6. Elektrik we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika) (nebitgaz pudagynda).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrmak; işgärleri dolandyrmak).

III. Bakalawr maksatnamasy (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar):

1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).

2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy (nebitgaz pudagynda).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: programma inženerçiligi).

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşga-bat şäherinde 2023-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan belIeniIen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm-den) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme-nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyk-laýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resmina-malary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwer-sitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 14-i we 15-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebit-gazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy; senagat desgalarynyň we tehnologik top-lumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary; taýýarlygyň ugurlary: dag işi; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (nebitgaz pudagynda); maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); tehnologiki maşynlar we enjamlar; elektroenergetika we elektrotehnika; nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; işgärleri dolandyrmak — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy; daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak; taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar): nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi; programma inženerçiligi; logistika (nebitgaz pudagynda) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy (nebitgaz pudagynda) — iňlis dili, himiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnama larynyň esasynda geçirilýär.

 

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

 

Taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilişini barlamak maksady bilen test tabşyrýarlar.

 

Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler 1-nji okuw ýylyna ka-bul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän dalaşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geç-ýärler, okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň ugry boýunça 1-nji okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synag-lara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soň-ky synaglara goýberilmeýär.

 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs-leşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39-13-74, 39-13-70.