Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy:
1. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).
2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki taýdan ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).
3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar).
4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
II. Bakalawr maksatnamasy:
1. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
2. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).
3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary).
4. Elektrik we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).
5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumatölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy; programma inženerçiligi).
6. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar).
7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: energetika pudagynyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Türkmen döwlet bina gärlik-gurluşyk institutynda) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 15 — 28-i aralygynda kabul edil ýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgär barada goşmaça maglumatlary talap edip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Bakalawrlary taýýarlamagyň Maglumat howpsuzlygy ugry boýunça dalaşgärler üçin giriş synaglary iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62, tel.: 5-75-17, 5-75-02.