Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Türkmen oba-hojalyk instituty
  15.07.2024
213
Dalaşgär 2024: Türkmen oba-hojalyk instituty

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

 

 

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyz-matyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyş-hana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seç-gisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we ba lyk hojalygy (hünärl er: ag-rohimiýa we agrotopragy öwreniş; agroeko-logiýa; ýyladyşhana hojalygy; gidromeliora-siýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: wete-rinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Informatika we hasap l aýyş tehnikasy (taýýar-lygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologi-ýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iň l is di l inde alnyp barlar)). Okuwyň dowam ly lygy 5 okuw ýy lyna (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — baka l awr maksatna-masy boýunça okuw) deňdir.

2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awto-matlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hoja-lygynda)).

3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki des-galar; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işle-megiň tehnologiýasy).

4. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).

5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ug-ry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alny-şy we audit (oba hojalygynda); sanly dolan-dyryş).

Instituta umumy orta bi l imden pes bolmadyk binýatda bi l imi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatl ary giriş synaglarynyň ne-tije l eri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly ara lygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrl igi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwl et bäs leşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bil-dirýänler ýokarda görkezilen resminama l ar bilen birlikde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab-şyrýarl ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýan-dygyny tassyklaýan beýleki resminamalary gör-kezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y gün l eri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleri-
niň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; weterinar lukmançylygy — himiýa, bio l ogiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba ho-jalygyny mehanizmleşdirmek; taýýarl ygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar — fizika, matematika, Türkmenistanyň ta-ryhy;

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň yk-dysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — bio l ogi-ýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuw-lar iň l is di l inde alnyp barlar); maglumat howp-suzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyr-mak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bel l eni l en wagt-da synaglara esassyz sebäplere görä gelip bil-medikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary ne-tijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünle-re laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.