Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär ✦ ✦ “Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Tbiliside Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagy açyldy ✦ ✦ Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy kararnama kabul etdi ✦ ✦ “TIF-2024” halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady ✦ ✦ Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany ✦ ✦ Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
  14.07.2024
165
Dalaşgär 2024: M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  • Kliniki lukmançylyk (hünärler: stomatologiýa; pediatriýa).
  • Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş­ öňüni alyş işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).
  • Harby lukmançylyk (hünärler: bejeriş-öňüni alyş işi;).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  • Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi;). 
  • Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde  2023-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

  • ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň, Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny,
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Habar beriş merkezinden berlen güwänamany,
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgär barada goşmaça maglumatlary talap edip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 10-y we 11-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri. 

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli hünärleri boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça normatiwleri (möçbernamalary) (100 m ylgamak, göwräňi çekmek, 3 km ylgaw) ýerine ýetirýärler.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan azbolmadyk iş döwri bolanlar; — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 

Salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58;

Telefon: 92-71-09.