Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy
  15.07.2024
269
Dalaşgär 2024: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sa-zy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gural lary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sun-gaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we na-zaryýeti boýunça sazşynas lyk; kompozisiýa).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mu-gall ymçylygy; estrada sungaty).

Konserwatoriýa orta hünär saz bilimli, ýa-şy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Saz mugallymçylygy; estrada sungaty hünärlerine çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyk saz bilimli raýatlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusga-sy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky resminamanyň (diplo-myň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har-by bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäsl eşiginiň ýeňiji l eri, halkara bäs-leşikl ere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy to-parynyň agzalary, taýýarlygyň dörediji l ik ugurl ary boýunça milli we halkara döredij ilik bäsl eşikleri-niň ýeňij il eri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isl eg bildir-ýänler ýokarda görkezilen resminamal ar bi l en birlik-de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak-dakyl ary görkezýärl er we nusgal aryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygy-ny tassykl aýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly — 7-nji awgusty aralygynda bellenen möhletlerde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: türkmen sazy; halk saz guralla-ry; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: aýdym sungaty; opera sunga-ty; bagşy — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr diriž-ýorlygy — hünäri boýunça we fortepiano (ýe-rine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we gar-moniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: sazşynaslyk, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynas-lyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dil-den), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz ede-biýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünär: kompozisiýa — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeş-lik), solfej io we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty — hünäri boýunça we ýörite saz gu-raly (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türk-menistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçy-lyk mekdepl eriniň, çaga l ar sazçyl yk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döw-let dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä ge-lip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri bo-ýunça synagdan geçip bilmedikler soňky sy-naglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag-daýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejele-nen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56.