Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
  14.07.2024
308
Dalaşgär 2024: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  • Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
  • Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).
  • Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  • Himiýa (hünär: himiýa).
  • Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa). 
  • Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  • Taryh we arheologiýa (hünär: arheologiýa). 
  • Filosofiýa, etika we dini öwreniş (hünär: filosofiýa). 
  • Ylahyýet (hünär: ylahyýet). 
  • Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
  • Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty). 
  • Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).

 

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 

  • Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika). 
  • Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika). 
  • Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary). 
  • Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa). 
  • Himiýa (hünär: himiýa). 
  • Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa). 
  • Taryh we arheologiýa (hünär: taryh). 
  • Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty). 
  • Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

 

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda): 

  • Sosiologiýa we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

 

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  • Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

 

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäheri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 2-si we 3-i günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

 

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugry pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary)  — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • geografiýa; ekologiýa hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • kartografiýa; meteorologiýa hünärleri; taýýarlygyň ugry pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • psihologiýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet; taýýarlygyň ugry: durmuş işi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
  • türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
  • iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

 

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

 

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

 

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

 

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere giren halatynda);

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.