Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /«CNPC» - Halkara forumda Türkmenistanyň platina hyzmatdaşy!
  24.04.2023
836
«CNPC» - Halkara forumda Türkmenistanyň platina hyzmatdaşy!

Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC) Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 27-nji aprelde Dubaýda geçjek Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.

«CNPC» nebit pudagyna maýa goýum goýmak bilen, öz işini dünýäniň 38 ýurdunda amala aşyrýar, kompaniýa tarapyndan öndürilen nebit materiallary we enjamlary dünýäniň 82 ýurdunyň bazarlarynda ýerlenilýär. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy möhüm waka bolup durýar, sebäbi ol Türkmenistanyň nebit-gaz taslamalaryna iri maýa goýumçylaryň biri bolup çykyş edýär.

Hytaýyň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösmeginde strategiki bähbidi bardyr, sebäbi ýurt dünýäde tebigy gazy köp mukdarda eksport edýän ýurtlaryň biridir. HHR öz gezeginde, Türkmenistandan gazy köp mukdarda satyn alyjylaryň biridir we bu pudakda maýa goýumlarynyň artmagy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Umuman, CNPC-niň foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara bazaryna energiýa göterijilerini üpjün ediji hökmünde möhüm ornuny aňladýar, şeýle hem Hytaý tarapyndan bu babatda resmi taýdan Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmasyny bildirýär. 

 

Ysmaýyl DURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.