logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Culture /Çeper elli zenanlar
  06.02.2020
999
Çeper elli zenanlar

      Gökdepe etrabyndaky Pagta egriji fabriginde “Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň çeper elli zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna el hünärine ussat  gelin-gyzlar gatnaşdy.

       Halkara zenanlar gününe bagyşlanýan bäsleşigiň etrap tapgyry örän täsirli geçdi. Fabrigiň mejlisler jaýynda bolan bäsleşige gatnaşyjylar öz el işleriniň, dürli dokma önümleriň sergisini guradylar. Uly gyzyklanma döreden serginiň barşynda çeper elli zenanlar el işlerini ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary we milli lybaslary dokamagyň inçe ýollary hakynda gyzykly gürrüň berdiler.

  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap bölüminiň, şeýle-de TDP-niň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige gatnaşyjy zenanlar onuň şertlerini ýokary derejede berjaý etdiler.  Olaryň “Gadymy nagyşlaryň syrlary”, “Sungatym bar — hormatym bar”, “Kesbi-kärim nesillere görelde” atly şertleri boýunça çykyşlary olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan gadymdan gelýän däp-dessurlara, edim-gylymlara, urp-adatlara goýýan sarpasyny, söýgüsini, milli lybaslary bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny aýdyň ýüze çykardy. Şoňa görä-de, emin agzalary zenanlaryň hünär ukyp-başarnygyna mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitledi. Bäsleşigiň etrap tapgyrynda birinji we ikinji orna mynasyp bolan dokmaçy zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.