logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Technology /«Casio» 39 ýyl mundan öň duýgur ekranly sagatlary öndüripdir
  14.01.2023
1181
«Casio» 39 ýyl mundan öň duýgur ekranly sagatlary öndüripdir

Duýgur ýagny sensor ekranly sagatlar häzirki günlerde gaty ýokary bahadan satylýar. Köp adam bu önümleriň ýaňy-ýakynda peýda bolandygyny pikir edýärler. Emma bu beýle däl.  

1946-njy ýylda esaslandyrylan «Casio» kompaniýasy ilkinji duýgur ekranly sagatlaryny 1984-nji ýylda öndürip başlapdyr. Bu sagatlar şol döwürde ýüzüge meňzeş bolupdyr. Bu ýüzük görnüşli duýgur ekranly sagatlar «Casio» kompaniýasynyň dünýä ýüzünde meşhur bolmagyna itergi beripdir.

Ilkinji duýgur ekranly sagatlar üstünlikli öndürilenden soň, kompaniýa bu pudakda has-da öňegidişlik gazanmak üçin ilkinji kalkulýatorly sagadyny hem ulanyşa hödürledi. Sagadyň aýna ekrany duýgur aýratynlyklu kalkulýator amallaryny ýerine ýetirmek üçin ulanyldy. Bu kalkulýatorly sagat «Casio» kompaniýasyny öz bäsdeşleriniň arasyndan saýlanmagyna mümkinçilik berdi.

«Casio» kompaniýasynyň öndüren «AT-552» atly duýgur ekranly sagady 1984-nji ýyldaky çylşyrymly tehnologiýa pudagynda örän uly öňegidişlik boldy.

Belläp geçsek, «Casio» kompaniýasy Tadao Kashio tarapyndan Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda esaslandyryldy. Kompaniýa - 1980-nji we 1990-njy ýyllar aralygynda sazandalar üçin elýeterli öý elektron klawiaturalaryny öndürmegi başardy. 

 

Meýlis ÖWEZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.