logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Çäjiňe bereket türkmen daýhany
  20.06.2021
728
Çäjiňe bereket türkmen daýhany

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary bilen birlikde, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ekerançylyk sungaty gaýtadan dikeldilýär. Edermen babadaýhanlarymyzyň, oba zähmetkeşleriniň ýere egsilmez söýgüsi, yhlas-aladasy netijesinde halkymyzyň gadymy daýhançylyk däbi ýokary derejede gülläp ösýär.

Döwletimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, döküniň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde türkmen ýaýlalaryndan ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär.

Eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanýarlar hem-de özlerine döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ynha şeýle Ata Watanymyzyň ösüşli günlerinde, gallaçy babadaýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen yzygiderli Ak bugdaý etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly medeni köpçülik çäresi geçirilýär. Bu geçirilýän aýdym-sazly medeni çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary öz hoş owazly aýdym-sazlary bilen çykyş edip, gallaçy babadaýhanlara ruhy-lezzet paýlaýarlar. Üsti öz ýurdymyzda öndürilen nazy-nygmatlar belen bezelen türkmen desterhanynyň başynda edermen hasyl ussatlary, hoş owazly aýdymdyr sazlaryň owazyna öz ýadawlyklaryndan saplanýarlar. Geçirilýän dabaralaryň ahyrynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öz işine ussat, ýokary netije gazanan babadaýhanlara ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde edermen babadaýhanlarymyza döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hem-de 2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminiň dowamynda geçirilýän bu dabaralar örän guramaçylykly ýagdaýda geçýär. Bu bolsa elbetde biziň edermen babadaýhanlarymyzyň, ýygymçylarymyzyň işe bolan höwesleriniň artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.