Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de ýokary ahlakly bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çaga terbiýesine uly üns berilmegi, halkymyzyň geljegine goýulýan iň ygtybarly maýa hökmünde çykyş edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan ynsanperwer ýörelgeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaş nesli döwrebap bilim-terbiýe bilen üpjün etmek, olaryň saglygyny goramak, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek döwletimiziň hemişelik üns merkezindedir.
Çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlap maşgala mähri bilen gurşalýar. Maşgala diňe bir jemgyýetiň esasy öýjügi bolman, eýsem çaganyň ilkinji terbiýe mekdebidir. Ene-atanyň mylaýym gatnaşygy, sözleri, hereketleri we göreldesi çaganyň häsiýetiniň kemala gelmeginde aýgytly orun eýeleýär. Ene bilen çaganyň arasyndaky ruhy baglanyşyk örän çuňňurdyr. Ene öz çagasynyň sesini müň sesiň arasyndan tanap bilýär. Çaga hem onlarça adamyň içinden ejesiniň sesine ýüzlenýär. Bu mukaddes mähir çaga terbiýesiniň iň ilkinji we iň täsirli mekdebidir.
Halk arasynda aýdylýan “Çaga — öýüň bezegi, nesliň dowamy” diýen paýhasly sözler hem ýaş nesliň maşgaladaky ornuny aýdyň görkezýär. Çaganyň dünýä inmegi her bir öýe şatlyk, bagt we bereket getirýär. Çaga terbiýesinde diňe bilim bermek däl, eýsem onuň ýokary ahlakly, edepli, ynsanperwer bolup ýetişmegi hem möhüm şertdir. Hormat goýmak, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik, ululary sylamak, kiçilere mähirli bolmak ýaly häsiýetler çaganyň häsiýetiniň esasy sütünleridir. Ata-babalarymyz “Terbiýe çaganyň gundagyndan başlanýar” diýip belläpdirler. Hakykatdan-da, çaganyň ilkinji eşidýän hüwdüleri, ilkinji görýän hereketleri onuň içki dünýäsiniň kemala gelmegine güýçli täsir edýär.
Beýik alym Ibn Sina (Abu Aly ibn Sina) diňe bir lukmançylyk ylmynyň däl, eýsem pedagogikanyň hem görnükli wekilleriniň biridir. Ol çaga terbiýesinde mähir, sabyr, arassa gurşaw we oňyn göreldäniň uly ähmiýete eýedigini nygtapdyr.
Ibn Sinanyň pikirine görä, çaganyň beden taýdan sagdyn ösmegi bilen birlikde, onuň ruhy taýdan hem kämil bolup ýetişmegi üpjün edilmelidir. Bu pikirler häzirki döwürde hem öz gymmatyny ýitirenok.
Ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport toplumlarynyň we sagaldyş merkezleriniň gurulmagy ýaş nesle edilýän uly aladanyň aýdyň mysalydyr. Okuw-terbiýeçilik edaralarynyň häzirki zaman kompýuterler, interaktiw enjamlary we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi çagalaryň bilim almagyna giň mümkinçilik döredýär.
Çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň saglygyny berkitmek, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň möhüm netijesidir. Çaganyň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde ene-atanyň, mugallymyň we jemgyýetiň hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Maşgalada başlanan terbiýe çagalar bagynda we mekdepde dowam etdirilýär.
Parasatly mugallym baradaky tymsalda aýdylyşy ýaly: “Çaga ýetişdirmek gül ýetişdirmekden has möhümdir”. Hakykatdan-da, ýaş nesliň dogry terbiýelenmegi jemgyýetiň ertirki ösüşiniň esasyny düzýär. Türkmen eneleriniň hüwdüleri diňe bir aýdym däl, eýsem terbiýäniň, söýginiň we ýagşy arzuwlaryň mukaddes çeşmesidir. Ene hüwdüsiniň mylaýym owazy çaganyň kalbynda mähir, ynam we rahatlyk döredýär. Çaganyň ilkinji eşidýän sözleriniň ýagşy arzuwlardan ybarat bolmagy onuň geljekki ruhy ösüşine oňyn täsir edýär.
Çaga — ýurdumyzyň ertirki eýesi, Watanymyzyň geljegidir. Şonuň üçin ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik we ýokary ahlak ruhunda terbiýelemek her bir ene-atanyň, mugallymyň we jemgyýetiň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar, sagdyn we kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Goý, ýaş nesillerimiziň gülki sesleri hemişe Diýarymyzyň asudalygyny bezäp dursun! Goý, halkymyzyň geljegi bolan bagtyýar çagalarymyzyň ykbaly ýagty, ömür ýollary üstünliklere beslensin!
Maýa GURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.