Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti
  08.01.2026
123
Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti

Buýan gadym döwürlerden bäri halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda giňden ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň biridir. Esasan onuň köki dermanlyk taýdan gymmatly bolup, köp sanly peýdaly biologik işjeň maddalary özünde jemleýär. Buýan köki Türkmenistanyň käbir sebitlerinde hem tebigy ýagdaýda ösýär we halk arasynda giňden tanalýar.

 

Buýan kökünde glisirizin, efir ýaglary, polisaharidler, organiki kislotalar hem-de witaminler bar. Hut glisirizin maddasy buýana özboluşly süýji tagam berip, onuň bejeriş häsiýetleriniň esasy çeşmesi bolup durýar. Bu madda bedende çişlere garşy, mikroblara garşy hem-de goragly täsir edýär.

 

Buýan esasan dem alyş ýollarynyň kesellerinde ulanylýar. Ol üsgülewügi ýumşadýar, balgamy dargadýar hem-de bronhit, sowuklama, angina ýaly kesellerde ýeňillik berýär. Şonuň ýaly-da, buýan köki aşgazan-içege ulgamyna oňyn täsir edip, gastrit, aşgazan ýarasy we içege näsazlyklarynda peýdalanylýar. Ol aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyny kadalaşdyrýar we agyryny peseldýär.

 

Buýan ösümligi immun ulgamyny güýçlendirmekde hem ähmiýetlidir. Onuň düzümindäki biologik işjeň maddalar bedeniň goranyş ukybyny artdyryp, ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de buýan allergiki täsirleri peseltmäge we bedeniň umumy kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

 

Halk tebipçiliginde buýan deriniň kesellerinde, ýaralaryň bitmegini çaltlandyrmakda hem ulanylýar. Onuň gaýnadylan suwy ýa-da melhemleri derini köşeşdirip, çişmegi we gyjyndyrmany azaldýar. Şeýle-de buýan nerw ulgamyny köşeşdiriji täsire eýe bolup, ýadawlygy peseltmäge kömek edýär.

 

Şeýle peýdaly häsiýetlerine garamazdan, buýany ulanylanda ölçegleri berjaý etmek möhümdir. Onuň uzak wagtlap we artykmaç ulanylmagy gan basyşynyň ýokarlanmagyna ýa-da bedende suw saklanmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin buýan ösümligini dermanlyk maksatly ulanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.

 

Netijede, buýan ösümligi tebigatyň adam saglygy üçin eçilýän gymmatly sowgady bolup, ony ýerlikli we dogry ulanmak arkaly köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejeriş işlerinde peýdalanyp bolýar.

 

Aýjamal TÄJIÝEWA,

Lebap welaýaýatynyň Farap etrabynyň
8-nji orta mekdebiniň iňlis dili
mugallymy.