logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /BOL HASYL UGRUNDA
  04.08.2022
916
BOL HASYL UGRUNDA

       Oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak, gowaçanyň ýokary hasylly görnüşlerini ýetişdirmek, bu gymmatly ekiniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky tagalalara Tejen etrabynyň “ak altyn” ussatlary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Tejenli daýhanlarymyz şu ýyly 30 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 65 müň 700 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Bu ugurda ekine ikinji, üçinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we bejergi işlerine şu günler aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işler Tejen etrabynyň “Agalaň”, “Tejen”, “B.Kerbabaýew adyndaky” we “Ö.Japarow adyndaky” daýhan birleşiklerinde has-da oňat ýola goýlupdyr. 
       Etrapda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmekde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şu günlerde gowaçanyň hatarara bejergisinde sanly telematik ulgam ornaşdyrylan oba hojalyk tehnikalarynyň hem hyzmatyndan peýdalanylýar. Etrapda oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaçanyň ýokary hasylyny kemala getirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem mynasyp tagalla edýärler. Olar diňe bir hasylyň ýygymynyň dowamynda däl, eýsem, ekiş, ideg işleriniň alnyp barylýan wagtynda hem zähmetkeşleriň armalaryny ýetirip durýarlar, höweslendiriş işlerini geçirýärler. Munuň özi oba hojalyk işgärleriniň päk zähmete yhlasyny artdyryp olary ajaýyp üstünliklere ruhlandyrýar. 
       Güllere beslenýän gowaçaly atyzlar daýhan zähmetiniň netijesi. Sähel wagtdan ol güller köreklere, soňra gozalara we ak hanalara öwrüler. Şu ýyl hem Tejenli pagtaçylar gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekligi maksat edinýärler. Oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak, gowaçanyň ýokary hasylly görnüşlerini ýetişdirmek, bu gymmatly ekiniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky tagalalara Tejen etrabynyň “ak altyn” ussatlary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Tejenli daýhanlarymyz şu ýyly 30 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 65 müň 700 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Bu ugurda ekine ikinji, üçinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we bejergi işlerine şu günler aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işler Tejen etrabynyň “Agalaň”, “Tejen”, “B.Kerbabaýew adyndaky” we “Ö.Japarow adyndaky” daýhan birleşiklerinde has-da oňat ýola goýlupdyr. 
Etrapda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmekde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şu günlerde gowaçanyň hatarara bejergisinde sanly telematik ulgam ornaşdyrylan oba hojalyk tehnikalarynyň hem hyzmatyndan peýdalanylýar. Etrapda oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaçanyň ýokary hasylyny kemala getirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem mynasyp tagalla edýärler. Olar diňe bir hasylyň ýygymynyň dowamynda däl, eýsem, ekiş, ideg işleriniň alnyp barylýan wagtynda hem zähmetkeşleriň armalaryny ýetirip durýarlar, höweslendiriş işlerini geçirýärler. Munuň özi oba hojalyk işgärleriniň päk zähmete yhlasyny artdyryp olary ajaýyp üstünliklere ruhlandyrýar. Şu ýyl hem Tejenli pagtaçylar gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekligi maksat edinýärler.