Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty jemlendi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Biosfera we onuň ewolýusiýasy
  04.11.2023
809
Biosfera we onuň ewolýusiýasy

Biosfera - bu ýeriň daşky gatlagy bolup, ol janly organizmleri we olaryň ýaşamagy üçin sredany emele getirýän hemme elementleri öz içine alýar. Biosfera ylymynyň düýbini tutujy beýik rus geohimigi Wernadskiý W.I. onuň ylymyna laýyklykda ýaşaýyş ýer ýüzündäki ähli planitar prosesleri we daşky gatlagyň kesgitli himiki ýagdaýyny özüne tabyn edýär. Himiki elementleriň hereketi ýaşaýşy ýüze çykarýar. Görnükli rus alymy Wladimir Iwanowiç Wernadskiniň (1863-1945) taglymatyna laýyklykda biosfera Ýerde janly maddalaryň ýaýran oblastyny öz çine alýan gabygyndan ybaratdyr. Biosfera 3,4-4,5 mlrd. ýyl mundan öň emele gelipdir we janly maddanyň ýaýran abiotiki oblastynyň ýönekeý utgaşdyrmasy bolman eýsem olaryň ýakyndan özara täsirleridir.

 


Biosfera – bu ýüze çykýan dürli üýtgeşmelerde hem, ýaşaýyş sredanyň durnuklylygyny üpjin edýän ýeketäk ulgamy. Daş töweregiň durnuklylygyny tebigy jemgyýetleriň üpjin edýän derejesinde üpjin edip biljek emeli jemgyýeti gurmaklyk hiç hili mümkin däldir. W.I.Wernadskiý janly organiki maddany biosferada erkin energiýany göteriji hökmünde seredýär. Organiki ýaşaýyş litosferada (ýer gabygynyň gaty üstüniň ýokarky bölegi), gidrosferada (deňizler, derýalar, köller we Dünýä ummany), şeýle hem troposferda (ýer togalygynyň gaz görnüşli gabygynyň – atmosferanyň aşaky gatlaklary),jemlenendir. Biosferanyň aşaky araçägi gury ýerde 2-3 km we 1-2 km okeanyň düýbünden aşakda, ýokarky araçägi bolsa 20-25 km belentlikde ozan ekrany atlandyrylýan gorag gatlagydyr, ondan ýokarda gün spektriniň ultramelewşe bölegi ýaşaýşa ýol bermeýär. Öz önümçiligi bilen bilelikde adamzat jemgyýeti hem biosfera degişli.

 


Biosferanyň araçägi: atmosferanyň aşaky bölegi, gidrosferanyň hemmesi, tetrasfera we litosfera. (ýokarsy ýer gatlagynyň gorizonty). Bütin biosferany janly organizmleriň ýaýraýyş dykyzlygyna laýyklykda iki kategoriýa bölmek bolýar: Biosfera biotiki komponentlerden durýar - ösümlik, haýwanat dünýäsi, adamlar, mikroblar. Biosferanyň aýratynlyklarynyň biri, onuň guramaçylygy we dinamiki deňagramlylygyň durnuklylygy bolup durýar. Şeýlelik bilen biosfera bir bitewülikdir. Litosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky ähli maddalaryň 99% golaýy organizmler tarapyndan transformirlenen. Şuňa meňzeş işi amala aşyrmak üçin janly organizmleriň ýeterlik massa eýe bolmalydygy düşnüklidir. 

 


Baýmyrat GYLYÇLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň
2-nji ýyl talyby.