«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän beýik işleri bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň şanyna şan, badyna bat goşýar. Bu ulgamyň guwandyryjy netijeleri ýaş nesilleri täze üstünliklere ruhlandyryp, olarda ýagty ertirlerimize bolan belent ynamy has-da berkidýär. Sebäbi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary türkmen ylmy rowaçly ösüşlere, ýeňişli menzillere ýetirýär. Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi bu ugry ösdürmegiň ýollaryna gönükdirilýär. Eziz ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere giň badalga berlip, berkarar Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly, ruhubelent, maksada okgunly hem zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda döwlet syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Bilim ulgamyna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň häzirki zaman usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen kämil bilim berilýän, milli ýörelgelerimize ygrarly, milli ruhda we döwrebap düşünjede kemala gelen ýaş nesiller döwletimiziň geljegidir. Çünki döwletimizde ýaşlara döwrebap bilim berip, ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek öňde durýan möhüm wezipedir. Ylmyň soňky gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmak bilen, ýurdumyzda täzeçil açyşlar üçin zerur mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa täzeçil ösüşleri bagyşlap, bilim ulgamynyň berk binýatly bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda diýarymyzda sanly bilim konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ösen maglumat tehnologiýalaryny bilim işinde netijeli ulanmaklyk amal edilýär. Tehnologiki täzelikleri jemgyýetiň arasynda ýaýratmaklyk, ulgamyň tehnologik ösüşiniň çaltlandyrylmagy, elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi möhüm wezipelerdir.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy hem döwrüň guwandyryjy netijeleridir. Bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak talabalaýyk ýola goýulýar. Kämil tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda ýaş nesiller döwrüň talabyna görä bilim alýarlar. Ylym-bilim merkezlerinde ornaşdyrylan multimedia tehnologiýalary okatmagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanmaga giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa geçilýän okuw sapaklarynyň täsirliligini has-da artdyrýar. Döwletimizde döwrebap kitaphanalarynyň ulanylmaga berilmegi we olarda elektron kitaplarynyň, gollanmalarynyň elýeterli bolmagy esasy üns merkezinde saklanylýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap beýik işler ýaşlaryň ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklaryna, beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde uly orny eýeleýär. Döwrebap ylym-bilim özgertmeleri bilen ýurdumyzy ösüşlere, beýik ýeňişlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Selbi GARAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.