Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim bilen bagta rowan nesiller!
  06.03.2023
647
Bilim bilen bagta rowan nesiller!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünliklere hem rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň nurana ertiri, bagtyýar geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň yzygider kämilleşdirilmegi ýaş nesliň jemgyýetiň kämil raýatlary bolup ýetişmegine we ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan netijeli işlere işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky beýik başlangyçlar merdana halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan synmaz ynamyny, bagtyýarlygyny, abadançylygyny dabaralandyrýar. Sanly ulgamyň bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bilim-terbiýe bermek, okatmak işinde ençeme ýeňillikleri şertlendirýär, her bir ýola goýulýan işiň netijeliligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly tehnologiýalar, sanly serişdeler, akylly enjamlar, elektron maglumat göterijiler, wideo we audio şekilli ýazgylar bilim bermek işinde netijeli peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň şeýle mümkinçilikleri dünýä ylmy, dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmäge, bu ugurda özara tejribe alyşmaga, ylmy-tehniki barlaglary alyp barmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Netijede bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bilim edaralarynda okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, internet torunyň elýeterli bolmagy dünýäniň abraýly ylmy merkezleriniň möhüm maglumatlaryndan peýdalanmaga itergi berýär. Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirýär. Bilim – kämilligiň çeşmesi, özgerişleriň gözbaşy. Şol nukdaýnazardan hem, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.

Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini, döredijilik ussatlygyny ýüze çykarmak, ylym-bilim goruny giňeltmek we ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa jemgyýetiň döredijilik aňynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämillleşmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleri şanly ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, buýsançly ýüreklerde bagtyýar döwrümize bolan söýgüni has-da goşalandyrýar. 

 

Ewa KYÝASOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.