Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim – bagtyň çyragy
  01.09.2023
317
Bilim – bagtyň çyragy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty uly rowaçlyklara beslenýär, ýurdumyz gülleýär hem ösýär. Ata Watanymyzyň nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar.

 

Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyzyň badalga beren ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň yzygider kämilleşdirilmegi ýaş nesliň jemgyýetiň kämil raýatlary bolup ýetişmegine ýol  açýar, ähli ugurlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşmagyna zerur şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda sanly ulgamyň bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bilim-terbiýe bermek, okatmak işinde ençeme ýeňillikleri şertlendirýär, her bir ýola goýulýan işiň netijeliligini artdyrýar.

 

Sanly tehnologiýalaryň, sanly serişdeleriň, akylly enjamlaryň, elektron maglumat göterijileriň, wideo we audio şekilli ýazgylaryň bilim bermek işinde netijeli peýdalanylmagy dünýä ylmy hem ösen tejribesi bilen aýakdaş gitmäge uly mümkinçilikleri açýar.

 

Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirmek bilen, ol kämilligiň çeşmesi, ähli özgerişleriň gözbaşydyr. Bu günki gün eziz Diýarymyzda 1-nji sentýabr – Bilimler we talyplar ýaşlar gününiň hem uly dabaralara beslenmegi ýöne ýerden däl. Çünki ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda has-da öňe ilerleýär, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.

 

Ösüşiň innowasion ýoluny saýlap alan eziz ýurdumyzyň ýagty geljegi, onuň täze belentliklere ýetmegi ösüp gelýän ýaş nesliň bilim derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerinde hünär biliminiň ähli basgançaklaryny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda giňeltmäge we kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan uly orun berilýär.

 

Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýar.

 

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri, asylly ýörelgeleri bilen milli bilim ulgamyny uly özgerişlere besleýän, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Şemşat NYÝAZMÄMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.