Seýran etseň bu Diýara,
Watan çyragy görüner.
Köpetdagda belent heýkel,
Beýik Pyragy görüner.
Pyragym, dag alkymynda –
Synla, Watan galkymynda,
«Ajap eýýam» ýalkymynda,
Berkarar döwlet görüner.
Gör, budur, Türkmen binasy,
Bu gün dilleriň senasy,
Haktagalanyň penasy,
Jan Türkmenistan görüner.
Beýik Arkadag Gahryman,
Hak Halatly eziz Ynsan,
Halky bilen bir ten-u-jan,
Milli Liderimiz görüner.
Magtymguly, beýik dana,
Paýhasyndan doýman gana,
Mynasypsyň şöhrat-şana,
Dowamat dowam görüner.
Peder ýolunyň dowamy,
Ýurt ösüşleriň rowany,
Halkyň ajaýyp döwrany,
«Täze Galkynyş» görüner.
Watanym baky bagta ýar,
Haýran bize bütin Ýer şar,
Beýik Arkadagly Serdar,
Gerçek Gahryman görüner.
Pyragy dünýäň ykrary
Türkmeniň buýsanç çyragy,
Halkymyň beýik ykbaly,
Bu ajap çaglar görüner.
Bagtyýarlygyň nysagy,
Göýä erteki mysaly,
Pyragyň arzuw-wysaly,
Asuda Watan görüner.
Magtymguly haky sözlän,
Paýhasyny halky çözlän,
Bir döwlete başyn jemlän,
Agzybir iller görüner.
Watan bagtyň kerweninde,
Ösüş ýaran her gününde,
Dünýäň belent münberinde,
Türkmen Lideri görüner.
Watanym baky bagta ýar,
Haýran bize bütin Ýer şar,
Arkadagly Gahryman Serdar,
Toý-baýramly ýurt görüner.
Seýran etseň bu Diýara,
Watanyň Tugy görner.
Kämil paýhas – beýik heýkel,
Ussat Pyragy görüner.
Awtor: Toýly Jänädow.
Okaýarlar: «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň
alyp baryjylary Hoja Rejepow bilen Derýa Gelenow.