logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Economics /Belent ösüşleri nazarlap
  13.06.2023
857
Belent ösüşleri nazarlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata ýurdumyz oňyn ösüşler bilen barha kuwwatlanýar. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine, pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmäge, täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, himiýa önümçiligini ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Gurulmagy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýän desgalar, şol sanda awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýerasty geçelgeler we ýurdumyzyň esasy ýollaryndaky köpgatly ýol aýrytlary uly gyzyklanma döredýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen degişli çäreler görülýär. Senagatyň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümlerini öndürýän zawodlardyr kärhanalar gurulýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de Türkmenistanda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ugurdaş desgalary yzygiderli bina etmeklik yzygiderli göz öňünde tutulýar. Iri innowasiýa häsiýetli gazhimiýa toplumynyň gurluşygy önümleriň möçberlerini has-da artdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Pudakda öndürilýän, baýlaşdyrylan mineral dökünleri diňe bir oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýar. Mineral dökünleriniň düzümleriniň baýlaşdyrylan görnüşleriniň önümçilikleriniň ýola goýulmagy himiýa pudagynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Mineral dökünleriniň halkara söwdasynyň we olary öndürmek üçin çig mallaryň söwdasynyň möçberleriniň her ýylda artýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem ýurdumyz daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär, şundan ugur alnyp, önümçilik maksatly taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Dürli himiki önümleriň öndürilmegini ýola goýmak, taslamalaryň amala aşyrylmagyna dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak meselelerine hem uly orun berilýär. Şeýle senagat kärhanalarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň tutuş senagatynyň ösüşine badalga bolup, onuň hil taýdan çalt depginli ösüşini üpjün edýär we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar, import ugurly harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine uly ýardam edýär. 

 

Aşyrmyrat GULMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 4-nji ýyl talyby.