Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda
geçiriljek «Bedew — ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty» atly
makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpa, ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw işleri, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 17 — 26-njy ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygy baradaky hoş habar şanly ýylda buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Ahalteke tohum atlarynyň dünýäde medeni atçylygyň döremegindäki we ösdürilmegindäki ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň atçylygy ösdürmek, atşynaslaryň täze neslini kemala getirmek boýunça alyp barýan işleri miwesini berýär. Ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça işler pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmekden başlap, toplumlaýyn alnyp barylýar. Ahalteke bedewleriniň saglygyny goramak, olary talabalaýyk iýmitlendirmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilýär. Şeýle dünýä nusgalyk işleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bedew — ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
Bäsleşigiň maksady we wezipeleri:
Bäsleşigiň şertleri:
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän makalalar aşakdaky şertler esasynda bahalandyrylar:
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak:
Bäsleşigiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlener. Ýeňijilere Hormat hatlary gowşurylar.
Bäsleşige degişli soraglar ýüze çyksa, 34-26-80 belgili telefona jaň edip sorap bilersiňiz.