logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Society /Baýramçylyk sowgady
  07.09.2021
739
Baýramçylyk sowgady

Toýlary-toýlara ulaşýan Türkmenistan diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyz asuda, parahat, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşaýar. Merdana milletimiziň mizemez bagtyna öwrülen şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek günleriniň öňisyrasynda, ýagny “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň sentýabr aýynyň 1-ne Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde birbada ähli amatlyklary bolan, döwrebap 2 sany täze mekdep, ýagny 720 orunlyk Ak bugdaý etrabynyň takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýörüteleşdirilen 45-nji orta mekdebi, şeýle-de 960 orunlyk Ak bugdaý etrabynyň  tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 46-njy orta mekdepleri açylyp ulanylmaga berildi. Bu mekdepleriň ikisiniňem açylyş dabaralarynda Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli halkymyza ýollan gutlag sözleri uly dabara bilen okaldy. Açylyş dabarasyna etrabyň il sylagly ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde halypa mugallymlar gatnaşdylar we özleriniň ýürek buýsançlary, hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň hoş owazly aýdymdyr-sazlary bilen halk köpçüligine ruhy lezzet paýlady. Açylyş dabarasyna hasam bezeg berýän al-ýaşyl şarlaryň asmana uçurylmagy dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Soňra mekdepleriň girelgesinde toý baglary kesildi. Il sylagly ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde dabara gatnaşýan  myhmanlar mekdebiň synp otaglaryna aýlanyp gördüler. 1-nji synpa kabul edilýän körpe nesillere Hormatly Prezidentimiziň adyndan täze kompýuterler sowgat edildi.  Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen bu döwrebap mekdepleriň ikisinde hem bagtyýar nesillerimiz okap, bilim alarlar. Täze açylyp ulanylmaga berlen bu mekdepleriň tehnologiýanyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýagtydan giň synp otaglary  biziň ýaş nesillerimiziň sanly tehnologiýa ulgamlaryna içgin aralaşmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Bahasyna ýetip bolmajak bu uly sowgatlary üçin bagtyýar halkymyz Hormatly Prezidentimize bolan alkyşlary çäksizdir. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, belent başy aman bolsun! Halkymyzyň ýagty geljegi üçin alyp barýan uly işleri elmydama üstünliklere beslensin!