logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär
  03.01.2026
409
Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär

Döwlet derejesinde nygtalyşy ýaly, sanly bank hyzmatlarynyň ösdürilmegi banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurdaky işleriň esasy ugurlarynyň biri nagt däl hasaplaşyklary giňeltmekden ybarat boldy. Ýurtda bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde işjeň ornaşdyrylýar, döwlet edaralarynda we söwda merkezlerinde döwrebap bankomatlar we töleg terminallary gurnalýar, zähmet haklary we durmuş tölegleri bolsa elektron kartlara geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Sanly tehnologiýalar bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge, olaryň elýeterliligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem müşderilere hyzmat etmek işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak meselelerine aýratyn üns berilýär.

 

Munuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň möhüm bölegine öwrülen elektron söwda hem ösýär.  Ýurtda internet-bölek söwdasyny düzgünleşdirýän hukuk binýady kemala getirildi. Oňa sarp edijileriň hukuklaryny goramak, söwda işi, internet hyzmatlary we uzak aralykdan söwda etmegiň düzgünleri baradaky kanunçylyk namalary girýär.

 

Döwrebap töleg çözgütleri harytlaryň we hyzmatlaryň, şol sanda jemgyýetçilik hem-de döwlet hyzmatlarynyň töleglerini nagt däl görnüşde amala aşyrmaga şert döredýär. Milli töleg ulgamynyň düzüminde “Visa” we “MasterCard” halkara töleg kartlary hem ulanylýar.

 

Umuman alanyňda, bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik işjeňliginiň artmagyna, maýa goýum özüne çekijiliginiň ýokarlanmagyna we makroykdysady durnuklylygyň, şol sanda milli manadyň durnuklylygynyň berkemegine ýardam edýär.

 

Myrat ATABALLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.