Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bank ulgamy galkynyşly döwrüň ösüş ýolunda
  20.02.2023
924
Bank ulgamy galkynyşly döwrüň ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler bilen batlanýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tilsimatlary we täzeçe usullary ornaşdyrmak arkaly pudagy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Bank edaralarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak, serişdeler binýadyny artdyrmak, banklarda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda innowasion özgertmeleriň ýokary derejede ösýän döwründe öýjükli telefonlaryň üsti bilen bank hyzmatlarynyň ýokary depginde amala aşyrylmagy, internet ulgamyny ulanmak esasynda elektron töleg we elektron pullary ulanmak ulgamynyň ösdürilmegi, bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler hem üstünlikli dowam etdirilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär. Mundan başga-da banklaryň hereket edýän programma üpjünçiliklerini täzelemek işlerine uly üns berlip, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurnalýar, müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlary dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täzeçe usullarda alyp barmak boýunça işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de nagt däl hasaplaşyklary giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça oňyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde nagt däl hasaplaşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg terminallaryň sanyny artdyrmak esasynda milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak işleri batly depgin bilen ösýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup çykyş edýän bank ulgamynyň ösüşlere beslenmegi bank hyzmatlarynyň has kämil görnüşleriniň girizilmegine, bu ugurda daşary ýurt tejribesiniň düýpli öwrenilmegine, şeýle-de bank işiniň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegine, hyzmatlaryň döwrebap görnüşleriniň döremegine, bank ulgamynyň müşderileriniň sanynyň yzygiderli artmagyna we milli banklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. 

 

Resul ÖWEZMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.