logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy
  05.12.2025
577
Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar. Golaýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda welaýatlarymyzyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplaryndan düzülen birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň “Bitaraplyk – Parahatlyk mukamy” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap welaýatlarynyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

 

Konsert Röwşen Nepesowyň “Bitaraplyk” simfoniýasynyň 3-nji bölümi bilen açyldy. Soňra D. Hydyrowyň “Elwan güller”, Ç. Nurymowyň “Çapyksuwaryň aýdymy” Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Konsertiň dowamynda daşary ýurt aýdym-sazlaryna hem uly orun berildi.

 

Söhbet Ergeşowyň Sarwar Sabirow bilen bilelikde H. Zimmer “Kung fu panda”, The Beatles “Can’t buy me love”, O. Taşmatowyň “Andižan polka” eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Dabarada Munisa Hudaýbergenowa bilen Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde Riççi E Poweriň “Sara perche ti amo”, Lalo Şefrin “Mission Impossible” Y. Sumasyň “Goomba Boomba”, A. Silwestreniň “The Avangers”, A. Zatsepiniň “Есть только миг”, M. Jeksonyň “Thriller” aýdymlary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary tarapyndan M. Vangelis “Conquest of Paradise”, A. Zatsepin “Ищу тебя” atly aýdymlary, Babaguly Goşaýew we Döwran Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde A. Piazolla “Libertango” eserler hem uly täsir galdyrdy.

 

Dabaraly konsertiň ahyrynda Hijran Jorakulyýewiň, Söhbet Ergeşowyň we Serdar Tagandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Palow tansy” we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde D. Ökdirowyň “Arkadag aýdymy” uly ussatlyk bilen ýerine ýetirilip dabara gatnaşyjylarda bagtyýar durmuşymyza buýsanç duýgusyny döretdi.

 

Biz ýaşlara okamana, döretmäne, zähmet çekmäge şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.  

 

Arzuw AŞIROWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.