logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bäherdendäki fabrikde 7 million 907 müň 764 manatlyk önüm öndürildi
  08.02.2023
1150
Bäherdendäki fabrikde 7 million 907 müň 764 manatlyk önüm öndürildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde şu ýylyň ilkinji aýynda önüm öndürmek boýunça ýokary iş görkezijileri gazanyldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar aýynda dokma senagatynyň bu öňdebaryjy kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde 7 million 907 müň 764 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüş depgininiň 101,8 göterim üpjün edilendigini aňladýar.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde fabrikde öndürilýän dürli belgili ýüplükler dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle ýüplükleri öndürmekde guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagynda fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň goşandy has-da saldamlydyr. Olar bu ýyly ýokary üstünliklere beslemek hyjuwy bilen zähmet gadamlaryny barha batlandyrýarlar.