logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bäherden etrabynda şu ýylyň hasyly üçin 19 müň 300 gektarda däne ýetişdirilýär
  12.04.2022
992
Bäherden etrabynda şu ýylyň hasyly üçin 19 müň 300 gektarda däne ýetişdirilýär

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda güýzlük däne ekilen meýdanlara ideg etmek işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda etrabyň daýhan birleşikleri boýunça şu ýylyň hasyly üçin 19 müň 300 gektarda däne ýetişdirilýär. Maýsaly meýdanlarda degişli ösüş suwlary tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreşmek ýaly çäreler agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilýär.

Etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky, «Zähmet» daýhan birleşikleriniň gallaçy-kärendeçileri agrotehniki çäreleri göwnejaý alyp barmakda has yhlasly işleýärler.